Saglygym-baýlygym


Saglygym-baýlygym



Howanyň sowuk döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup, möwsümde ýiti ýokanç keselleriň ýokuşma howpy artýar. Bu döwürde dürli kesellerden goranmak üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär.

 Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly.
 Ýygy-ýygydan elleriňizi ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaly.
 Dartgynlylyk köp sanly keselleri döredip biler. Şonuň üçin hem özüňizi hemişe rahat alyp barmaga çalyşmaly.
 Işi we dynç alşy kadalaşdyrmaly.
 Pasla görä geýinmeli.
 Kadaly ukyňy almaly. Uky wagtynda beden güýç toplaýar, taplanýar. Ýatylýan otagyň howasy tämizlenip durulmaly.
 Suw deňagramlylygyny saklamaly. Günüň dowamynda 1,5-2 litr suw içmeli.
 Her gün otagy ýelejiredip, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.
 Sagdyn we dogry iýmitlenmeli. Kesellän halatyňda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly, özbaşdak bejergi almakdan saklanmaly.
 Sagdynlyk — bu tebigatyň ynsana eçilen uly bagty. Saglyga paýhasly çemeleşip, ony goramak bolsa her bir adamyň borjudyr.