«Ylym döwletiň kuwwaty»


«Ylym döwletiň kuwwaty»



Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky agzybirlikli zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin asylly zähmet çekýärler . Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni diýip bellenip geçirilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylym döwletiň kuwwaty» atly sergi gurnaldy.
Sergide muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen türkmen halkynyň ylmy-bilimi, taryhy, sungaty hem Türkmenistanda alnyp barylýan işler, nakgaş, heýkel hem-de keramika eserleriniň üsti bilen açyk aýdyň görkezilýär. Sergide alymlaryň portretleri, arheologlaryň, fizikleriň tejribe geçirýän pursatlary, olaryň durmuşa geçiren işleriniň netijesinde amala aşyrylýan işler barada eserleriň uly toplumy ýerleşdirilen. Sergide geçen asyryň 1920-nji ýylynda Aşgabatda açylan gündogaryň zarpçy çeperçilik sungat mekdebiniň halypa ussat mugallymlarynyň we zehinli okuwçylarynyň ýerine ýetiren nakgaş hem-de grafika eserlerini görüp bilýäris. Ol eserler biziň nakgaşçylyk sungatymyzyň nusgawy ýolydyr. Şonuň ýaly ajaýyp eserleri bize miras goýan ussatlardan bu sergide Ruwim Mazeliň «Gyzyl esgerleriň oba gelmegi», Olga Mizgerýowanyň «Türkmen gyzjagazlary», Bäşim Nuralynyň «Bagşy çopanlaryň arasynda», Yzzat Gylyjowyň «Fizikler», Aýhan Hajyýewiň «Ilkinji mugallym», Tokar Tugurowyň «Gün Ylmy-barlag institutynyň alymlary», Aman Kulyýewiň «Öz gahrymanlarymyzyň arasynda» ýaly döreden eserleri hem sergä özboluşly bezeg berýär. Ylymlar gününe bagyşlanyp gurnalan bu sergide suratkeş Aýhan Hajyýewiň «Ilkinji mugallym» atly eserinde garagumyň jümmüşinden üsti kitaply düýäni idip barýan ýaş mugallymyň keşbini görkezýär. Bu eseriň manysy biziň her birimize mälim bolşy ýaly çägeli ýollar tekiz ýoldan ýörän ýaly däl ol kynçylyk bilen geçilýän ýollar. Suratkeş bu eserinde gujurly öňe tarap dogumly barýan mugallymyň özüne ynamly ýaş nesilleri ylym bermekde örän sowatlydygyny açyp görkezmek bilen, bir döwürler biziň ata-babalarymyzyň özüniň düýe malyny bir kitaba çalyşandygynyň hem manysyny beýan edýän bu eser serginiň manyly bolmagyna uly täsirini ýetirýär.
Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň, milli medeniýetimiziň mümkinçiliklerini, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny dowam etdirýäris.
Ähli türkmen halkyny, Hormatly Prezidentimizi, ylym ojaklarynyň talyplaryny we işgärlerini Ylymlar güni bilen gutlaýarys!