HYÝALDA HAKYKATY ŞÖHLELENDIRÝÄN SUNGAT


HYÝALDA HAKYKATY ŞÖHLELENDIRÝÄN SUNGAT



Hyýalmy, ýogsa hakykat? Hyýalyň çäksiz giňişligini reňkleriň ýüzlerçe öwüşginleriniň, dürli şekilleriň, göwrümleriň üsti bilen beýan etmekligiň özi uçursyz zehinlilik dälmi eýsem? Bu soraglaryň takyk jogabyny Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda gurnalan “Hyýaldan hakykata” atly täsin döredijilik sergisinde halk köpçüligine ýetirilen eserlerden tapmak bolar. Serginiň esasy tapawudy – onda häzirkizaman çeperçilik akymlarynda ýerine ýetirilen nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam, dizaýn sungat eserleriniň görkezilmeginde jemlenýär. Hyýaldan hakykata alyp gidýän serginiň özboluşlylygy bolsa – şeýle döredijilik çäresiniň ýurdumyzda ilkinji gezek gurnalmagyndadyr.

“Hyýaldan hakykata” atly sergide 150-den gowrak suratkeşleriň: nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, grafika suratkeşleriniň, amaly-haşam sungat ussatlarynyň hem-de dizaýnerleriň ýerine ýetiren 300-e golaý sungat eserleri görkezildi. Sergide Çarymyrat Ýazmyradowyň “Öwüşginler”, Işanguly Işangulyýewiň “Garaşmak”, “Zenan kalby”, Meret Gylyjowyň “Joralar”, Gahryman Goçmyradowyň “Adam we tebigat”, “Adam we bagban”, Berdi Çaryýewiň “Şenbe agşamlary”, Röwşen Akyniýazowyň “Meniň günüm” ýaly nakgaşlyk eserleri, Polat Mämiýewiň “Ýatlama”, Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň “Altyn wagt”, Amandurdy Jumaýewiň “Oýun”, Kakageldi Patdykowyň “Kepderiniň oýny”, “Uýamyň arzuwy” ýaly heýkel taslamalary, şeýle-de ýokary çeperçilikli ýerine ýetirilen haly, zergärçilik we külalçylyk eserleri özboluşlylygy, ýiti öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döredijilik sergisine halypa suratkeşler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dürli hünärler boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň, şol sanda Seýran Beşerowyň, Mähri Ýazmyradowanyň, Jemal Goçgulyýewanyň we beýleki zehinli ýaşlaryň hem öz eserleri bilen gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildiren çäksiz ynamyna mynasyp seslenme bolup ýaňlandy.

“Hyýaldan hakykata” atly serginiň açylyş dabarasynda 2022-nji ýylda Turan-gazak suratkeşleriniň Halkara onlaýn sergisine gatnaşan 20-den gowrak türkmen suratkeşleri dabaraly ýagdaýda hormat hatlary bilen sylaglandy. Şonuň bilen bir hatarda 2022-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilen IX Halkara sungat sergisine gatnaşan suratkeşler: Türkmenistanyň Halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow döredijilik sergisiniň diplomy bilen sylaglandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hyjuwly türkmen suratkeşleri ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinden ruhlanyp, ýokary depginde döredijilikli zähmet çekýärler we türkmen sungatyny dünýä tanatmakda mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ajaýyp zamanamyzda gurnalan “Hyýaldan hakykata” atly döredijilik sergisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA.