Talyp gözeller bäsleşdi


Talyp gözeller bäsleşdi



Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda her ýyl döredijilik, gözellik bäsleşikleri talyp ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär. Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministirligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda berkarar döwletimiziň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-desurlaryny, ene-mamalarymyzdan nusgalyk galan el işlerini bilişini, türkmen medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli-2021» atly bäsleşigi institutymyzyň derejesindäki tapgyry geçirildi.
Bäsleşige Konserwatoriýamyzyň fakultetlerinden dört sany talyp gözelleri gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şert boýunça talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, özleriniň döredijilige bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, manalogdyr sahna çykyşlaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar Hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp türkmen tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. Üçinji şertinde talyp gözelleri «Hünärim bar-hormatym bar» ady bilen özleriniň ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler. Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň jemlerine görä Bagşyçylyk sungaty hünäriniň 2-nj ýyl talyby Şeker Abdyşukurowa baş baýraga mynasyp bolup döwlet derejesindäki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.