DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK—TÜRKMENISTANYŇ TÄZE BAŞLANGYÇLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY


DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK—TÜRKMENISTANYŇ TÄZE BAŞLANGYÇLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütin dünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.