Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli «Şan-şöhratly Ahalteke bedewler» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi


Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli «Şan-şöhratly Ahalteke bedewler» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi



2023-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginiň sergi jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Şan-şöhratly Ahalteke bedewler» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi gurnaldy. Sergide 70-den gowrak suratkeşleriň 80-e golaý döredijilik eserleri görkezilýär. Bu baýramçylyk sergisinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, şeýle-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungatlary boýunça döreden eserleri ýerleşdirildi. Olaryň arasynda halypalar Kakageldi Seýitmuhammedowyň, Babageldi Owganowyň, Çarymyrat Ýazmyradowyň, Owgan Owganowyň, Polat Garryýewiň, Baýramdurdy Nuryýewiň, şeýle-de zehinli talyp ýaşlaryň ahalteke bedewlerimiziň waspyny ýetirýän eserlerini synlamak bolar. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini w.ý.ý. Gözel Hakberdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa, Türkmenistanyň Halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri Ysmaýyl Orazow, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri Öwezgeldi Ýagmyrow çykyş etdiler. Döredijilik sergisinde öz eserleri bilen tapawutlanan suratkeşler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglandyryldy.