Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
10-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipeleri çözmäge geljekde hem aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz görülýän düýpli çäreleriň ýurdumyzyň sebitleriniň kuwwatyny artdyrmaga hem-de olaryň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.