WATANYMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNA DÖWLET SYLAGLARY


WATANYMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNA DÖWLET SYLAGLARY



24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.
***
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.