TÜRKMENISTANYŇ BAŞ TÄZE ÝYL ARÇASYNYŇ BAÝRAMÇYLYK YŞYKLARY ÝAKYLDY




15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.