Döredijilik duşuşygy


Döredijilik duşuşygy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okamaga, medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, hormatly il ýaşulysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Saragt Babaýewiň şu wagta çenli ýerine ýetiren eserlerine ser salanyňda, onuň zehinine, başarnygyna haýran galýarsyň. Ol granitden, agaçdan, bürünçden, mermerden ýagty keşpleri dörediji monumental hem-de stanok heýkeltaraşydyr. Saragt Babaýew dürli žanrlarda işleýär. Halypa suratkeş häzirki döwürde ýurdumyzyň monumental ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär. Dabarada ussat halypanyň sungat ýoly, döreden heýkelleri hem-de häzirki wagtda alyp barýan işleri hakynda beren gyzykly gürrüňleri biz talyplara täsirli boldy. Ussat halypa döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, gürrüň beren gyzykly ýatlamalary üçin talyp-ýaşlar we mugallymlar minnetdarlyk bildirdiler hem-de alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Gülzada GULDURDYÝEWA