Ussadyň döredijiligine ser salyp...


Ussadyň döredijiligine ser salyp...



Uzak hem çylşyrymly sungat ýolunda ynamly ädimler bilen ýöräp, öz tutanýerliligi, yhlasy we hünärine bolan çuňňur söýgüsi bilen kämillik derejä ýeten heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň döredijiligi her birimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Heýkeltaraşyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, her gezeginde ony täze tarapdan tanaýarsyň. Haýsy tarapdan barsaň-da, onuň ähli ugurda gazanan üstünligi, ýeten kämillik derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Döwürdeşleri N. Ataýewi “Portret sungatynyň ussady” diýip atlandyrsa, başgalar “Bedew atlaryň waspçysy” diýip tanaýar. Elbetde, heýkeltaraş şol derejelere aňsatlyk bilen ýetmändi. Agyr zähmet, uly hyjuw hem-de tutanýerli yhlas oňa çylşyrymly döredijilik ýolunda elmydama goldaw berdi.
Häzirki wagtda türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň gözbaşynda durup, onuň wajyp sütünleriniň biri hasaplanýan Nurmuhammet Ataýew tä ykbal ony Türkmen Döwlet çeperçilik uçilişesine getirýänçä, sungat hakynda pikir hem etmändir. Şeýle-de bolsa, 1957-nji ýylda okuwa girip, W. Çudinow, A. Şetinin ýaly ussat heýkeltaraşlaryň elinde bilim alyp başlaýar. Öňden gelýän çeperçilik esasynyň ýoklugyna garamazdan, ol köp işleýär, goşmaça sapaklara gatnaşyp, geçilen dersleri çuňňur özleşdirýär. Çeperçilik uçilişede okuwyny üstünlikli tamamlan N. Ataýew çeperçilik bilimini artdyrmak maksady bilen 1965-nji ýylda Leningradyň I. Ý. Repin adyndaky nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk we binagärlik institutyna okuwa girýär. Şol ýerde Nurmuhammet Ataýewe halypalyk eden rus heýkeltaraşy M. Anikuşin özüniň köp ýyllyk tejribesi, berýän okuw sapaklary bilen ýaş heýkeltaraşyň döredijilik ýolunyň doly kemala gelmegine uly täsir edipdir. Eýýäm 1970-1980-nji ýyllardan başlap, N. Ataýew uly göwrümli heýkel ýadygärlikleriniň gurluşyna gatnaşýar.
Ol Amurdaky Komsomolsk şäheriniň gurluşykçylarynyň 50 ýyllygy mynasybetli gurlan ýadygärligiň taslamasy boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolýar, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda serkerde-şahyr Seýitnazar Seýdiniň ýadygärligini, Tejen şäherinde ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň býust-ýadygärligini, Ýer titremesine, kompozitor Nury Halmämmedowa, türkmen atly ýigidine we atly gyzyna bagyşlanan Aşgabatdaky ýadygärlikleri, Moskwanyň Smolensk meýdançasy üçin niýetlenen çüwdürim heýkelini döredýär. Heýkeltaraş daşa dil bitirýär, olary janlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen monumental ýadygärliklere hem Nurmuhammet Ataýew öz egsilmez goşandyny goşdy. Onuň öz heýkel ýasama ussatlygy ähli ýadygärliklerde görnükli orunlara eýe boldy. Şol hem onuň döredijilik ýolunyň miwesidir. Heýkeltaraş dürli temada bürünçden, gipsden we metaldan eserleri döretdi. Olaryň arasynda gündeki durmuşa bagyşlanyp döredilen eserler has hem ünsüňi özüne çekýär. Şol heýkellerde adaty durmuşda adamzada mahsus gylyk-häsiýetler, joşgunlylyk, gam-gussaly duýgular berilýär. Emma heýkeltaraşyň döredijiliginiň ýene bir möhüm ugry bar, ol hem portret žanrydyr. Ussat halypamyz bilen gürrüňdeş bolmak bagty miýesser edip, onuň portret sungaty bilen gyzyklanamda, ol öz esasy maksadynyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürip, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleri geljekki nesillere ýetirmekden ybarat bolup durýandygyny belläpdi. Şu maksat bilen hem ömrüni sungata bagyş eden heýkeltaraş döredijlik işgärleriniň, döwürdeşleriniň keşbini, içki dünýäsini açyp görkezýän ençeme portret eserlerini ýasady. Nurmuhammet Ataýewiň portret sungatynyň gymmatly aýratynlygy, ol hem şekillendirilýän adamyň portretine takyk meňzeşlik bilen birlikde, onuň içki dünýäsiniň, duýgularynyň hem açylyp görkezilmeginde jemlenýär.
Heýkeltaraşy monumental, stanok we haşam heýkelleriň ussady diýip aýtmak bolar. Ol bu ugurlaryň ählisinde-de ençeme işleri döretdi. N. Ataýewiň birnäçe stanok heýkelleri baýraklara mynasyp bolup, heýkeltaraşa uly üstünlikleri getirdi. Onuň döreden monumental we haşam heýkelleri bolsa häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde oturdyldy. Nurmuhammet Ataýew türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ösmegine öz döreden köpsanly täsirli we şahyrana eserleri bilen uly goşant goşdy. Şol eserler özboluşlylygy we gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär we öwrenilmäge uly gyzyklanma döredýär. Olar täsin keşpleriň, çuňňur oýlanmalaryň netijesinde emele gelen eserlerdir.
Nurmuhammet Ataýew heýkeltaraşlyk sungaty ugrunda geçirilen köpsanly halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, ussat heýkeltaraş hasaplanýar. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşyň şahsy sergisi gurnaldy. Onda heýkeltaraşyň döreden taslama we stanok eserleri, köpsanly portretleri sergä gatnaşan tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýadygärlikleri döretmekde öz mynasyp goşandyny goşan ussat heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew 2018-njy ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Her bir suratkeşiň döredijiligi giden bir syrly dünýä. Şol dünýä aralaşyp, onuň syrlaryna akyl ýetirmegi, suratkeşiň aýtmak islän pikirini dogry “okamagy” başarsaň, ruhy kanagatlanma eýe bolýarsyň. Heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň döredijilik dünýäsi hem aňyrsy-bärsi görünmeýän giň ummany ýatladýar. Şol ummanyň akymyna, ugruna düşünip, içgin aralaşmagy başaran tomaşaçy heýkeltaraşyň çuňňur oý-hyýallaryna düşünip biler.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA