TÜRKMENISTAN—ÝUNESKO: ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar


TÜRKMENISTAN—ÝUNESKO: ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahat başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen milli gymmatlyklar, Magtymguly Pyragynyň gol ýazmalary, beýik şahyryň türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary, amaly haşam sungatynyň eserleri we beýlekiler görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer.

Umumy pikire görä, döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere geljekde hem işjeň gatnaşmak bilen, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşarlar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.