Sagdyn bolmagyň kadalary


Sagdyn bolmagyň kadalary



Saglygyňy goramak üçin, ilki bilen, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak gerek. Munuň üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeli, sport bilen meşgullanmaly. Iň, esasy-da, ruhy sagdynlygyň ähmiýeti uludyr. Galyberse-de, sagdyn iýmitlenmeli, ülkämiziň sahawatly topragynyň witaminlere baý önümlerini iýmeli. Saba-säheriň we agşamyň tämiz howasynda gezelenç etmek endige öwrülse ýagşy. Arassa howada pyýada gezelenjiň hem belli bahasy ýokdur. Saglyga degişli islendik meselede maşgala lukmanynyň maslahatyny almaly.
Häzirki wagtda burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik etmeli. Howa laýyk geýinmeli. C witamine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli. Işleýän ýeriňizde we öýüňizde otaglary ýelejiredip, içeriniň howasyny tämizläp durmaly. Ýöne şunda garşylyklaýyn şemaldan daş durmaly.
Adam bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmagy gazanjak bolsa, askorbin turşusyna baý miweleri iýse, olardan alynýan şireleridir içgileri içse ýagşy. Olara bally we limonly gök çaýlar, itburun demlemesi, alma, pyrtykal şireleri degişlidir. Kelem, käşir we beýleki bakja önümleri-de gündelik iýmitleriň birine öwrülmelidir.
Käbir ýüze çykýan möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin ata-baba gelýän asylly däplere eýerip, gyzyl burçly unaşy içmek maslahat berilýär. Gyzyl burçuň düzümindäki peýdaly maddalar bedeniň kesele garşy göreş ukybyny artdyrýar.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmeklik maslahat berilýär.
Her bir adam, aýratyn hem çagalar arassaçylyk düzgünlerini hökman berjaý etmelidir. Beden arassalygynyň düzgünleriniň çaga terbiýesinde belli bahasy ýokdur. Maşgala agzalarynyň ählisi, aýratyn-da çagalar daşardan gelenlerinden, oýun oýnanlaryndan we haýwanlary ellänlerinden soň, ellerini sabyn bilen ýuwmalydyrlar.
Azyk önümleri, gap-gaçlar saklanylýan ýerlerde we aşhanalarda arassaçylyk düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Gök önümler, miweler iýilmezden öň, üstünden suw akdyrylyp ýuwulmalydyr. Bu düzgünleri berjaý etseňiz, keselleriň öňüni almaga ýardam berer.

Rejepbaý Nuryýew