Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!


Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!



Golaýda Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ylym, bilim işgärleri bilen bilelikde, Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada «Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdiler.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy has-da belende göterilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar.» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

«Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabaraly çärede çykyş edenler, söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat bähbitli manyly şygyrlarynyň giň mazmuny hakynda täsirli söhbet etdiler. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň şygyrlary älem, dünýä, adamzat ýaly wajyp meselelerden başlap, ähli sowallara makul jogap bolup bilýän gymmatly hazyna. Munuň özi durmuşdaky ähli meseleleri Gün şöhlesi deýin ýagtyldýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bütin adamzada zerurlygyny aýan edýär. Söz ussadynyň «Berkarar döwlet istärin!» diýip, özbaşdak döwletli bolup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden ýagşy arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl bolup, häzirki döwürde ýurdumyz ösüşiň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar – diýip, buýsançly bellediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňden öwrenmek, dünýä ýaýmak, akyldar şahyryň hormat-sarpasyny belent derejelere götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!



Ogulgurban GAŞLAKOWA