Dünýä halklarynyň ýakynlaşmagynyň bähbidine medeni gatnaşyklar


Dünýä halklarynyň ýakynlaşmagynyň bähbidine medeni gatnaşyklar



22-nji aprelda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyndan häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýäde bolşy ýaly, bu keseliň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň çäginde onuň ýaýramak howpy aradan aýryldy. Şol sebapli hem muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary ýaly medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr hem-de bu ugurda hiç hili çäklendirmeler ýokdur.

Mundan başga-da, onlaýn tertibinde halkara derejeli dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen şeýle çärelerin biri hem «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara foto sergi we maslahatdyr. Ol maý aýynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar. Häzirki güne çenli dünýäniň 12 ýurdundan fotosuratçylar sergä gatnaşmaga isleg bildirdiler.