Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy


Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynda gazanylýan ösüşler we özgerişlikler göwünleri galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz – ýaşlara uly ynam bilen garamagy elbetde türkmen ýaşlary üçin uly bagtdan nyşan.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara şanly senelere beslenýär. Üstünlikli tamamlanan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň hem her bir güni taryha altyn harplar bilen ýazyljak günlerden boldy. Bu ýylyň tamamlaýjy günlerinde bolsa hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ýüze sylynmagy ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlap döreden bu ajaýyp eseriniň şanyna ýurdumyzda geçirilýän hoşallyk maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle tanyşdyrylyş dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň, talyp-ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda hem geçirildi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda halypa mugallymlar, aýratyn tapawutlanan zehinli ýaşlar bilen bir hatarda konserwatoriýanyň bagşylar ansambly, hor topary üstünlikli çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.



Gülzada BAZAROWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň öwreniji - mugallymy