Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi
Mämmet Guseýnow türkmen halkyny Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Kompozitor, pianinoçy, jemgyýetçilik işgäri, Ýewraziýa Kompozitorlar Bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň ýolbaşçysy, Russiýanyň kompozitorlar bileleşiginiň hem-de Rus saz birleşiginiň kompozitorlar gildiýasynyň agzasy, Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara aýdym-saz festiwalynyň taslama ideýasynyň awtory, festiwalyň sungat ýolbaşçysy Mämmet Guseýnow Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli beren gutlagynda: «Gadyrly dostlar! Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara aýdym-saz festiwalynyň guramaçylyk toparynyň adyndan Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Mukama siňen ömür» atly festiwalyny gurnaýjylary we gatnaşyjylary, bütin türkmen halkyny mähirli gutlaýarys.
Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirmäge uly taýýarlyk görülýär.
Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji oktýabry günlerinde Türkmenistanyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bu çäräniň türkmen medeniýeti üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu çäre diňe bir kompozitoryň zehinine we döredijiligine berlen ýokary baha bolman, Türkmenistanyň ruhy mirasyndaky bahasyna ýetip bolmajak saz sungatyna goýlan belent sarpanyň hem nyşanydyr.
Bu çärä gatnaşyjylaryň hemmesini türkmen halkynyň saz sungatynyň ägirdi Nury Halmämedowyň ýubileý baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys» diýip, belläp geçýär.
Belläp geçsek, şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň welaýatlarynda, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler. Biz saýtymyzda festiwalyň çäginde geçiriljek dabaralar barada habar beripdik.