KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!


KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!



◊ Saglygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerurdyr.
◊ Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!
◊ Her gün azyndan 2 litr arassa suw içiň!
◊ Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Daşardan geleniňizde, nahardan öň we soň eliňizi sabynlap ýuwuň!
◊ 8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyňyzy alyň! Daşary çykanyňyzda,
agyz-burun örtügini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň!
◊ Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň!
◊ Öý we iş otaglaryňyzyň penjirelerini açyp, içerini ýelejiredip, howasyny çalşyp duruň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.