Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny atly ylmy-amaly maslahaty


Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny atly ylmy-amaly maslahaty



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu günki günde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär. Talyp ýaşlaryň has-da kämilleşip, dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklaryna giň mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly bilimi ýola goýmaga birnäçe täze taslamalaryň üstünde işleýärler. Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň derwaýys ugurlaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda iň oňat ylmy işleriň bäsleşigi geçirildi.
Ýaş alymlar merkeziniň agzalary ýurdumyzyň ösüşinde özüniň goşandyny goşýan birnäçe ylmy taslamalary ýerine ýetirilip, häzirki wagtda birnäçe edara-kärhanalarda iş ýüzüne geçirildi. Olaryň döreden taslamalaryny ýüze çykarmak, wagyz etmek maksady bilen 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi geçirildi. Bu sergä gatnaşan ylmy imstitutlardan we ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan ýaş talyplar özleriniň ýasan taslamalary bilen gatnaşyp üstünlikli orunlary eýelediler.
Gelejek-de şonuň ýaly taslamalary biziň ýurdymyzda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýaşlaryň erkin pikirlerini beýan etmäge, göz ýetimlerini giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.

Döwrangeldi MOÝTYÝEW