Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler


Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler



Şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen birlikde, Berlinde «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de onuň dowamynda medeni çäreler hem geçiriler.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçiriljek dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşarlar. Dabaralara gatnaşmak üçin ildeşlerimiz 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolarlar.