WATANYMYZYŇ ABADANÇYLYGY, HALKYMYZYŇ ROWAÇLYGY — ÝURDUMYZY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMEGIŇ WE MAÝA GOÝUM MAKSATNAMASYNYŇ ESASY WEZIPESI


WATANYMYZYŇ ABADANÇYLYGY, HALKYMYZYŇ ROWAÇLYGY — ÝURDUMYZY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMEGIŇ WE MAÝA GOÝUM MAKSATNAMASYNYŇ ESASY WEZIPESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysadyýetiň milli nusgasy ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.