TÄZE DESGALAR DIÝARYMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ NYŞANYDYR


TÄZE DESGALAR DIÝARYMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ NYŞANYDYR



10-njy noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Şol dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Ge¬ňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.