HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ ÝANYNDAKY ÝAŞULULAR GEŇEŞINIŇ MEJLISI


HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ ÝANYNDAKY ÝAŞULULAR GEŇEŞINIŇ MEJLISI



16-njy noýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl bu gaznanyň ýanynda onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşini döretmek çözgüdi kabul edildi.