«Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» ady bilen göçme kitap sergisi


«Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» ady bilen göçme kitap sergisi

Ýaňy – ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirligi bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly Pyragy seýilgähinde, akyldar şahyryň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu çärede Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Çärede gurnalan kitap serginiň üsti bilen berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan uly işleri, taryhy wakalary, Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly täze kitabyny, Magtymguly Pyragynyň birnäçe eserleriniň many-mazmunyny açyp görkezdiler. Her bir güni toý-baýramlara beslenýän ajaýyp diýarymyzda, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyna miras goýan edep-terbiýe, mertlik, gahrymançylyk ýaly çuň many saçýan ajaýyp eserleri her bir ynsan üçin terbiýe mekdebidir. Magtymgulynyň ýiti zehininden dörän goşgulary ýaş nesillerimizde mertlik hem-de belent adamkärçiligi kemala getirýändigi barada çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary şahyryň sözlerine döredilen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.