GYŞ: KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!
Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýän-digine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende derlemegiň öňüni almak maksady
bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly.
Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.
Aýaklaryňyzy näçe ýyly saklasaňyz, bedeniňiz şonça-da ýyly bolar. Mu-nuň üçin, ylaýta-da, aýakgap suw geçirmeýän we ýyly bolmalydyr. Şeýle-de garly
günlerde çalt ýöremekden saklanmaly, munuň özi gyşyň doňaklyk günlerinde
taýyp ýykylmagyň we dürli şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam eder. Sowuk
howada ellikler zerurdyr, olar elleriň deri örtügini goraýar. Gyş paslynda zerur zatlaryň ýene-de biri başgaplary geýmek, ýaglyklary daňynmakdyr. Olar tutuş
kelläni, saçlary goramak bilen, dürli kelle-beýni sowuklama keselleriniň öňüni
almaga ýardam edýär. Bokurdagyňyzy şarf ýa-da ýaglyk bilen ýapyň! Bokur-dagyň üşemegi dürli gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär.
Häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozan bölejikleriniň agdyk-lyk etmegi ýaly ýagdaý adamyň saglygy, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin
oňaýsyzdyr. Şeýle oňaýsyz täsirleriň öňüni almak maksady bilen, dem alyş ýollary üçin niýetlenen agyz-burun örtükleri hökman ulanylmalydyr. Şonuň bi-len bir
hatarda, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly hem-de dogry
berjaý etmek ünsden düşürilmeli däldir.
Günüň dowamynda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryny
wagtly-wagtynda edinmegi ýatdan çykarmaly däl. Iýmitde gök önümler, miwe-ler agdyklyk etmeli. Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly.
Ylaýta-da, irdenki maşklary ýerine ýetirmek işdäniň açylmagyna, günüň
dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyňa getirýär.
Aslynda, hassalygyň öňüni almak we saglygy gorap saklamak, ilkinji
nobatda, her bir adamyň özüne baglydyr hem-de borjudyr. Pasla laýyk kadala-ry berk berjaý edip, sagdyn bolalyň!
Maral KERIMOWA