Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkidýär


Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkidýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi



19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolup geçendigini belledi, onda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi, Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi.
Amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.