«Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy


«Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphanasynda «Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy.

Many-mazmuna baýlygy hem-de döwrebaplygy taýdan köpleriň ünsüni çeken sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat eden kitaplary, türkmen we doganlyk halklaryň tanymal sazşynaslarynyň ýurdumyzyň belli kompozitorlarynyň ömri we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaplary we olaryň dürli ýyllarda döreden saz eserleriniň notalarynyň ýygyndylary görkezilýär.