Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary



13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden günbatara, Balkan welaýatyna tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri deňizýaka şäheriniň howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynda ýerleşýän Uzynada nebitgaz meýdançasyna tarap ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi, şol ýerden paýtagtymyza ugrady.