“BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK” atly çagalar sergisi


“BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK” atly çagalar sergisi



Halkara saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Bar zadyň sakasy saglyk” atly sergi açyldy. Onda mekdebiň nakgaşçylyk bölüminiň okuwçylarynyň galam we reňk bilen çekilen suratlary görkezildi. Çekilen suratlarda şekillendirilen ir-iýmişler, dermanlyk ösümlikler okuwçylaryň türkmen topragynyň baýlyklarynyň şypasyna we gözelligine bolan söýgüsini aýdyň ýüze çykarýar.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý – melhem hem ylham” ýaly ajaýyp kitaplarynyň görkezilmegi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Mekdebiň kitaphanasynyň işgäri Aýgözel Amangylyjowanyň bu neşirleriň mazmuny barada geçiren gyzykly gürrüňdeşligi bolsa okuwçylaryň täze suratlary çekmeklerine ylham berdi.