“GELIŇ SURAT ÇEKELIŇ” atly çagalar sergisi


“GELIŇ SURAT ÇEKELIŇ” atly çagalar sergisi



Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde nobatdaky açylan “Geliň surat çekeliň” atly sergi çagalaryň kalbynyň ajaýyp dünýäsine aralaşdyrýar. Bu sergi mekdebiň nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji synp okuwçylarynyň 3-nji çärýekde çeken suratlarynyň özboluşly hasabatydyr. Çagalaryň işleri dürli-dürli mazmunlara eýe bolup, olarda halk däplerine bolan söýgi aýratyn ýüze çykýar. Sergide Maral Kakajanowanyň, Sara Baýmuhammedowanyň türkmen topragynyň bol miwelerine bagyşlan natýurmortlary batyrgaý reňk öwüşginleri, şekilleriniň ýiti haşam çözgütleri bilen tapawutlandy. Gözel Çaryýewanyň çeken portretleri, Kerim Çaryýewiň işlän kompozisiýalary bolsa täsirli keşp çözgütleri bilen görenleri özüne maýyl edýär. Bu sergi çagalaryň sungatynyň tomaşaça ýetirýän şatlygynyň, hat-da sungatdan daşdaky adamlarda hem çeperçilik ylhamy döretmäge ukyplydygyny ýene bir gezek äşgär etdi.