Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi


Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi

1-nji noýabrda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlis «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlandy.

Foruma gatnaşýan döwletlerde ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sebit meseleleri, milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de işler duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň hataryndan orun aldy. Halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýaşlaryň özara hyzmatdaşlygyna degişli wajyp başlangyçlar öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow duşuşykda çykyş edip, 2023-nji ýylyň Türkmenistanda ýaşlar ýyly diýlip yglan edilendigini belledi hem-de türkmen tarapynyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna ýolbaşçylyk etmeginiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlar syýasaty babatyndaky ýörelgeleriň aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady.

Durnukly ösüşi üpjün etmekde ýaşlaryň mümkinçilikleriniň milli meýilnamalary we maksatnamalary hem-de «Ýaşlar 2030», «Serhetsiz nesil», «Bütindünýä mirasynyň meýletinçileri» we Ählumumy Ýaşlar jemgyýeti atly başlangyçlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde bilelikdäki tagallalary ýaşlar syýasatynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyga gönükdirmekligiň hem-de Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça strategiýany taýýarlamaklygyň maksadalaýykdygy, degişli resminamanyň esasy mazmunynyň bilim we ylym, sport hem-de medeniýet ýaly möhüm ugurlarda jemlenilmelidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «ikitaraplaýyn diplom» maksatnamalarynyň çäklerinde hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiliklerine seretmek, «Ýaş zehinler» maksatnamasyny işläp düzmek, 2025 — 2030-njy ýyllar üçin medeni hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny taýýarlamak, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň halkara sport oýunlaryny geçirmek hem-de beýleki başlangyçlar öňe sürüldi.

Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Ministrler Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçirilen ilkinji mejlisiniň netijelerine ýokary baha berdiler. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary bu formatyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklibini goldadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça, «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky forumyň indiki mejlisi 2024-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.