«Ösüşe gönükdirilen milli ýörelgeler»


«Ösüşe gönükdirilen milli ýörelgeler»



Ýakynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini, ene-mamalarymyzdan galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, nesil terbiýesi, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde «Ösüşe gönükdirilen milli ýörelgeler» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary bilen birlikde talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynyň özenini adamyň gündelik derwaýys meseleleri we zerurlyklary düzýändigi, häzirki döwürde jemgyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendigi barada belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyza watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýändigini, ata-babalarymyzdan galan ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek babatda uly işlere giň ýol açýandygy, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde ýaramaz endiklere garşy durmagyň has oňaýly ýoly sporta aýratyn üns berilýändigi barada täsirli çykyşlar etdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Laçyn MÄTDURDYÝEWA