Ýaşlyk joşguny


Ýaşlyk joşguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri, ylym-bilime, medeniýete höweslenmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýörelgelerden ugur alyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we birnäçe ýubileý konsertleri yzygider dowam edip gelýär. Mälim bolşy ýaly, her ýyl sungat ugrundan bilim alýan ýaşlaryň, şeýle hem konserwatoriýanyň talyplarynyň professional derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny baýlaşdyrmak hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2024-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşik yzygider geçirilýär. Bu ýyl hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşigi düzgünnama laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Bäsleşigiň çäginde dürli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary, okuw-usuly sapaklary we «Ýaşlyk joşguny», «Gündogar-inçe syrlaryň dünýäsi» atly konsertler hem geçirildi. Bäsleşik türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, hor dirižýorlygy, ýekelikde aýdym aýtmak, bagşy, sazşynaslyk we fortepiano ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar türkmen halk we dünýä meşhur daşary ýurt aýdym-sazlaryny, şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň döreden uly göwrümli ajaýyp eserlerini ýerine ýetirmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşik diýseň çekeleňli we gyzykly geçdi.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi we dabaraly ýagdaýda baýraklary gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere I orun 12 sany, II orun 10 sany, III orun 17 sany, hormat haty 22 sany we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyñ ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ähli gatnaşyjylaryny gutlamak üçin konserwatoriýamyzyň halypa mugallymlaryna söz nobaty berildi:

-Biz hem öz gezegimizde bäsleşikde ýeňiji bolanlary gutlap, saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini, sungat äleminde üstünlikleriň bolmagyny arzuw edýäris. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ogulnur SULTANOWA