Mirasym mertebäm – Terbiýe mekdebim


Mirasym mertebäm – Terbiýe mekdebim



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähiminden joşup çykan «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda ylym-bilim alýan talyp gelin-gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan el-işlerini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat, döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna Baş Drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň, «Gepleşikleri utgaşdyryş» bölüminiň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Hanowa, şeýle-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa we ýokary okuw mekdebimiziň halypa-mugallymlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda ene-mamalarymyzyň wagyz-nesihat ündewleri berilip, biziň gadymdan gelýän milli häsiýetli çeper keşdelerimiziň gymmaty dogrusynda giňden gürrüňler edildi. Ýaşlary watançylyk ruhda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy aňlaryna ornaşdyrmakda, döwrebap bilim alyp kämilleşdirmekde, halypa mugallymlarymyzyň wezipesi uly bolup durýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary bilen döredijilikli duşuşyklaryň sungat ojagynda gurnalmagy talyp ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemegine, milli häsiýetli çeperçilik taýdan täze eserleriň döremegine getirýär. Ýurdumyzda hereket edýän Jemgyýetçilik guramalar bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli gurnaýarlar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda sungat ussatlary döwrümizi wasp edýän aýdymlar bilen çäräni dabaralandyrdylar.

Sungatymyzyň baş howandary Hormatly Arkadagymyz zenan mertebesine, milli gymmatlyklarymyza örän uly sarpa goýýar. Ýokary okuw mekdebiniň talyp-ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary yzygiderli okaýarlar. Bize ýokary mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!