«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bagşy- sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak bolup durýar.

Ýakynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň sahnasynda geçirildi. Bäsleşige Mary welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde halypalarymyzdan galan çuň mazmunly aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Şeýlelikde, ýaş bagşy-sazandalaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan sazandalaryň 2-si, ýagny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Toýly Çaryýew we Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Hudaýberenow, şeýle-de bagşylaryň 2-si, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Kerim Pirnepesow we Göwher Tuhyýewa «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bu dabara tanymal bagşy-sazandalar, aýdymçylar, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden bagşy-sazandalaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi sungat äleminde täze zehinli bagşydyr sazandalaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak bagşy-sazandalara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.