«TÜRKMEN TOPRAGY – DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN MEDENI GYMMATLYKLARYŇ OJAGY» halkara ylmy-amaly maslahaty


«TÜRKMEN TOPRAGY – DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN MEDENI GYMMATLYKLARYŇ OJAGY» halkara ylmy-amaly maslahaty



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny belende götermek, milli itşynaslyk tejribesini dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 26-njy ýanwaryndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde, milli mirasynda tutýan ornuna bagyşlanyp, «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar ilki bilen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra bu ýerde guralan monitorda arheologiýa tapyndylarda türkmen alabaýyny wasp edýän «It ýatak», «Güjük yzy», «Tazy guýruk» ýaly gadymy nagyşlaryň türkmen halylarynda, palaslarynda we beýleki nepis el işlerinde duş gelýändigi hakynda ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlarymyzyň halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrülen türkmen alabaýlary bilen bagly önümleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri, gadymy gymmatlyklar, kitap we neşir önümleri giňden sergilendi. Soňra «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahatda Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmen alabaýy» eseriniň milli itşynaslygy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ygtybarly ylmy çeşmedigi aýratyn nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda öňe sürülýän belent pikirleriň türkmen alabaýlarynyň halkyň ýaşaýyş – durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň kesgitleýändigi, alabaýlara mahsus bolan edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly häsiýetleriň çuňňur pelsepewi, baý mazmunly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýändigi maslahatda edilen çykyşlarda uly buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem, bu halkara ylmy-amaly maslahatda türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary, milli itşynaslyk tejribesini ösdürmek we dünýä ýaýmak, golýazma we edebi çeşmelerde türkmen alabaýynyň waspynyň beýan edilişi, türkmen alabaýyny wasp edýän arheologiýa tapyndylaryň hem-de olaryň haly we beýleki milli el işlerindäki çeper beýanynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň kämil nusgasyna öwrülen türkmen alabaýynyň çeper keşbiniň türkmen halylarynyň nagyşlarynda, binagärlik medeniýetinde şöhlelenişi barada söhbetler edildi.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat bölümler boýunça öz işini dowam etdirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen maslahat «Arheologiýa, maddy däl medeni miras we haly sungaty–umumadamzat medeniýetiniň baýlygy» diýlip atlandyryldy. Onda çykyş eden medeniýet we sungat işgärleri, alymlar we mugallymlar türkmen şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz sungatynda türkmen alabaýynyň keşbiniň waspy, milli medeni mirasymyz hakynda gyzykly gürrüňler etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynda «Merdana türkmen alabaýy – keremli topragyň ajaýyp peşgeşi» atly maslahat bilen dowam etdi. Bu ýerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny, türkmen alabaýyny hem-de tazysyny ýetişdirmegiň taryhy hem-de milli tejribeleriniň giň gerimlidigini, türkmen alabaýynyň wepalylygyň milli nusgasyna öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler.
Sanly wideoaragtanaşyk arakaly geçirilen bu halkara çäresinde türkmen alabaýynyň ýüzlerçe muşdaklaryna ylmy-amalyň maslahatyň işine tomaşa etmäge mümkinçilikler döredildi. Russiýa Fedarasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gruziýadan belli kinolog alymlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyp, öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar.

Halkara çäresiniň çäginde guralan medeni gymmatlyklaryň sergisi gadymy türkmen topragynyň müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat aňyýetiniň ösüşine kuwwatly itergi bolan siwilizasiýalaryň ojagy bolandygyny äşgär subut edýär. Türkmen alabaýynyň taryhy yzlarynyň «dünýäde nepis sungat» diýlip ykrar edilen halylaryň we el işleriniň mazmunyna siňip, biziň döwrümize ýetendigi aýratyn buýsançlydyr. Munuň özi türkmen alabaýynyň ruhy dünýämizde we milli nagyş sungatymyzda mertebeli orun tutýandygyny aýdyň subut edýär. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşan alymlaryň çykyşlarynda beýan edilen ylmy täzelikleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýan “Alabaý tohum itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary” hödürnamanyň maglumatlar toplumynyň üstüni ýetirer.

Bu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar häzirki döwürde halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda döredýän ähli şertleri üçin, Arkadag Prezidentimize alkyşlaryny tüýs ýürekden beýan etdiler.
Agamyrat BALTAÝEW