SAÝLAWÇYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLER BILEN DUŞUŞYKLARY


SAÝLAWÇYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLER BILEN DUŞUŞYKLARY



25-nji fewralda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu duşuşyga zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

* * *

25-nji fewralda irden Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

25-nji fewralda Lebap welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlaryň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.