TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR


TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR



20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň degişli gulluk, ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.