TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI



11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna we başga-da birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Hökümet agzalaryny hem-de tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.