Sazly ömri sarpalap
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy içgin öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşan sütün halypalarymyzy hatyralap, olaryň aýdym-saz döredijiligi, ömür ýoly barada gyzykly duşuşyklar we dabaralar geçirilýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, halypa sazanda Pürli Saryýewiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan «Saz äleminiň pälwany» ady bilen ýubileý dabara geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda däp bolup gelşi ýaly türkmen saz sungatynyň bu sütün halypasyna bagyşlanyp geçirilen ýubileý dabarasyna ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlary, talyp ýaşlary, birnäçe sungat wekilleri, şeýle-de Pürli Saryýewiň nebereleri, dogan-garyndaşlary gatnaşdylar.
Ýubileý dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» orkestrinyň ýerine ýetirmeginde P.Saryýewiň «Şatlyk» atly sazyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň dirižýorlyk etmeginde dabaraly açyldy.
P.Saryýewiň döredijiliginde we ömür ýoluna bagyşlanan dabaranyň bütin dowamynda halypanyň döreden aýdym-sazlaryna hem-de türkmen halk aýdym-sazlaryna uly orun berildi.
Dabarada çykyş eden halypa professor mugallymlaryň, sungat ussatlarynyň P.Saryýewiň aýdym-saz döredijiliginde bitiren hyzmatlary hem ömür ýoly baradaky eden çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary Türkmenistanyň halk artistleri Muhammetdurdy Muhammetnyýaazowyň, Akmyrat Çaryýewiň, Şemşat Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Seýitgeldiýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjümowyň, şeýle-de birnäçe mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Halypa-şägirtik ýoluny täzeden dikeldip beren Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşant goşan halypalaryň çeken netijeli zähmeti sarpalanýar. Şeýle halypalaryň nusgalyk döredijiligi geljekki nesiller üçin gymmatly hazynadyr.
Aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ony dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Sapa SAPAÝEW