Oba hojalyk önümçiligini döwlet tarapyndan goldamagyň maksady azyk bolçulygydyr Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary


Oba hojalyk önümçiligini döwlet tarapyndan goldamagyň maksady azyk bolçulygydyr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary



9-njy iýunda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolmak bilen, ýerlerde obasenagat toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, oba ýerlerinde zerur bolan ähli döwrebap düzümleriň kemala gelmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini gözden geçirýär. Şu gezekki sapar hem munuň nobatdaky subutnamasydyr

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynyň çäginde saklandy.

Gallaçynyň gürrüň berşi ýaly, ol maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berdimyrat döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek goldawlarynyň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40-45 sentner hasyla garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «Class» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ulanylýan tehnikalaryň daýhanlar üçin uly kömekdigini hem-de olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz hemmelere, şol sanda, kärendeçilere asylly zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi we kärendeçä gymmatly bahaly sowgatlary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we gök bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň kärende ýerlerine tarap ugrady. Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy. Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebaba iş saparyny tamamlap, şu gün Mary welaýatyna ugrady.