ARKADAG ŞÄHERINIŇ MEDENIÝET TOPLUMY


ARKADAG ŞÄHERINIŇ MEDENIÝET TOPLUMY



Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň binasynda şäheriň medeniýet, bilim, telewideniýe we gazet redaksiýasy bilen bir binada ýerleşdirildi hem-de bu bina Medeniýet toplumy diýlip atlandyryldy.

Medeniýet toplumy ak mermer bilen örtülen, toplumlaýyn dolandyryş binaly, gök baglar we suw çüwdürimleri bilen abadanlaşdyrylan meýdança eýedir. Ol jemi 5 gatdan ybarat bolup, binanyň 1-nji gatynda «Arkadag» teleýaýlymy, 2-nji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, 3-nji gatynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, 4-nji we 5-nji gatlarynda Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi ýerleşip, işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen iş we beýleki zerur otaglary bar.

Medeniýet toplumyň binasynyň içki bezeg işlerinde türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň hem-de döwrebap dünýä binagärliginiň gazananlary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary we ýokary binagärlik usullary ulanyldy.