Sungatdaky pursat


Sungatdaky pursat



Sungat – bu ynsanyň içki duýgularynyň özeni. Sungat – bu islendik bir zady söýmeklige mejbur edýär. Sungatda her gün täze pursatlar döreýär. Pursat bolsa ynsanyň kalbynda ýaşaýar. Sungat ojagynda gurnalýan sergiler täze wakadyr.

2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Suratkeşler birleşiginde foto suratçylaryň “Pursat” atly döredijilik sergisi açyldy. Sergide bilim, medeniýet, milli miras, tebigatyň gözelligi, çaga durmuşy, gaýtalanmajak täsinlik, daglaryň we düzleriň, medeni we durmuş maksatly ajaýyp binalaryň galyberse-de türkmen alabaýlarynyň, türkmen bedewleriniň keşbi foto suratlarda çeperçilik taýdan şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň taslama çözgüdine ýagtylyk kölegesiniň bölünmesine, tebigatdaky howanyň we günüň şöhle beriş suratlandyrylyşyna aýratyn üns berip, foto surat düşürmekde zehinler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Olardan horeograf Nury Nyýazow, nakgaş Ahmet Hallyýew hem-de onuň şägirdi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew, “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymlary Hoşgeldi Atasaparow hem-de Mähri Garahanowa dagylar özleriniň ajaýyp foto suratlaryny sergilediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp fotosuratlar serginiň gözelligine görk goşdy. Çuň many-mazmuny özünde jemleýän sergi ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Ogulsona ÖWEZMYRADOWA.