Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara


Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Hormatly watandaşlar!



Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl Daşoguz welaýatynda geçirilýär. Sizi Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bagtyýar halkymyzyň abadan, sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň, täze şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurluşygy giňgerim bilen alnyp barylýar. Biziň durmuşa geçirýän maksatnamalarymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmekde, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu işleriň ählisi bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterýär, bagtyýar watandaşlarymyzy döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmäge gönükdirilen tutumly işlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Gadyrly watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Medeniýet hepdeligi — ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphana, muzeý, kino, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat ulgamynyň işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, medeniýet babatda ýetilen sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr. Bu hepdeligiň her ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň birinde geçirilmegi hem aýratyn mana eýedir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde, Daşoguz welaýaty hem gülläp ösýär. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda senagat we oba hojalyk desgalary, saglyk, sport, bilim we medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Daşoguz welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde aýratyn orny eýeleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň, gadymy galalaryň ençemesi bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky gadymy ýadygärlikler, aramgähler, kümmetler özüniň gurluş aýratynlyklary bilen görenleri haýran galdyrýar.
Geçmişde Daşoguz topragynda ýaşap geçen Nejmeddin Kubra, Aşyk Aýdyň pir, Zamahşary, Mahmyt Pälwan, Nurmuhammet Andalyp, Şabende ýaly akyldarlaryň, şahyrlaryň gymmatly edebi mirasy ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmekde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, buýsançly taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli öwüşginli medeniýeti, sungaty, şadessanlary, aýdym-sazlary, halk döredijiligi, gadymy senetleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň toý-baýramlarda «Görogly» dessanynyň şahalaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine, milli mirasyna goýulýan hormat-sarpany has-da artdyrýar. Bu dessanyň ýaş nesilleri watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň türkmen sungatynyň, edebiýatynyň gadymy nusgalarynyň hem-de şu günki döwrebap görnüşleriniň özboluşly sazlaşýan, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, ruhubelentlige ruhlandyrýan sungat baýramyna öwrüljekdigine, onuň dowamynda geçiriljek şygryýet agşamynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň baý many-mazmunly we täsirli boljakdygyna, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Hormatly adamlar!

Sizi Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şatlyk-şowhunly guralýan bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, abadan we bagtyýar durmuş hem-de täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.