Türkmenistanly kinorežissýorlar Buharada Magtymguly Pyragy barada dokumental film surata düşürerler
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dokumental filmi surata düşürmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde döredijilik saparynda bolar.
Şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Özbegistana döredijilik sapary bilen ugrajak türkmen wekiliýetine «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş režissýory Annadurdy Täşliýew ýolbaşçylyk eder.
Ýakynda tomaşaçylara bu režissýoryň täze eseri — şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly I kalkara kinofestiwal barada dokumental film hödürlener.
Orta asyrlarda köp metjitler we medreseler bilen yslam medeniýetiniň merkezine öwrülen Buharada Gündogaryň ençeme akyldary, şonuň bilen bir hatarda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy hem bilim aldy.
Magtymguly Pyragynyň ilkinji neşirleriniň biri Buharada 1910-njy ýylda «Hezreti Magtymgulynyň diwany» ady bilen neşir edilipdir.
Şu ýylyň iýun aýynda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Özbegistanyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog- konferensiýasy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan çeper aňlatmanyň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem gymmatly baýlygydygyny bellediler.
Çäräniň çäginde, gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesiniň Buharadaky «Köne şäher» ýadygärlik toplumyna baryp gördüler, şeýle hem şahyryň ýaşan we okan ýerleri bilen tanyşdylar.
Belläp geçsek, mundan ozal Magtymguly Pyragynyň ady we döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ýerler we adamlar baradaky filmler Russiýada, Azerbaýjanda, Eýranda we Türkiýede surata düşürildi.