Arkadag şäherinde halkara ýaşlar forumy geçirildi
2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.
Utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan halkara foruma Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk akademiýasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň köpugurlylygyny şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Halkara forumyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýändigi bellenildi. Munuň şeýledigine 2015-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde degişli Kararnamanyň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär. Ol dawaly we dawadan soňky ýagdaýlarda ýaşlaryň oňyn ähmiýetli ornunyň bardygyny ykrar etmekde möhüm waka boldy. 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasyny durmuşa geçirmäge girişilýändigi yglan edildi. Onda parahatçylyk we howpsuzlyk ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenendir.
Umumy pikire görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder. Forumyň işi «Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»; «Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»; «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»; «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.
Günüň ikinji ýarymynda forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlis geçirildi. Onuň işine sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar syýasaty boýunça edaralarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dialogyň goldanylmagy üçin şeýle formatyň döredilmeginiň hem-de ählumumy bähbitleriň halkara giňişlikde ilerledilmegi üçin sebitiň ýaşlarynyň güýjüni bir ýere jemleýän gurşawyň emele getirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly forumyň jemleriniň Ýaşlar guramalarynyň işiniň netijeliligini artdyrjakdygyna we halkara hyzmatdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnananlar Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen köptaraply tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.
Bu möhüm ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilen pikir alyşmalar Merkezi Aziýa döwletleriniň köpýyllyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalary tassyklady.
Forum tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şu gezekki çärä gatnaşyjylar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.