Şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi


Şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniñ bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygymyzyñ başynda Süleýman Ilamanow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ türkmen sazy kafedrasynyñ uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Osman Güjimowa bagyşlap düzen goşgysy bilen başlady.

Duşuşygyñ dowamynda Süleýman Ilamanow türkmen halkynyñ akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyñ hem-de özüniñ goşgularyny diñleýjiler köpçüligine uly joşgun bilen ýerine ýetirip berdi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda şahyrymyz Süleýman Ilamanow talyplaryň, ýaş mugallymlaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi, olar bilen söhbetdeş boldy, döredijilik ýolundan gyzykly gürrüňleri paýlaşdy, ýaş talyplara birnäçe maslahatlary berdi. Şeýle-de talyplar Süleýman Ilamanowyň birnäçe goşgularyndan labyzly okap berdiler.