SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!


SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!



◊ Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmaly-dyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.
◊ Daş çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýany bilen götermegi en-dik edinen adam bu meseläni aňsatlyk bilen çözer. Ýagny olar serişdäni eline çalyp, mikroblardan goranyp biler. Şeýle-de, bu serişdeler bilen ýanyňyzda gündelik göterýän ownuk-uşak goşlaryňyzy (açar, gaýyş torba, awtobusda ulanylýan ýol karty we ş.m.), ykjam telefonyňyzy hem süpürip bilersiňiz!
◊ Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy-da hökmandyr. El süpüril-ýän hem-de hammamdan çykaňsoň, bedeniňi süpürmekde ulanýan süpürgijiň aýry bolmalydyr. Süpürgiçler, elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse tala-balaýyk bolar. Süpürgiçler her 2-3 günden çalşyrylmalydyr.
◊ Maşgala agzalarynyň hersiniň öz diş çotgasynyň hem-de daragynyň bolmalydygyny biz çagalykdan bilýäris. Diş çotgalary 3-4 aýdan artyk ulanyl-maly däldir. Dişiňi her gün iki gezek — irden we agşam ýatmazyňdan öň arassalamalydyr. Maşgala agzalarynyň ýaşyna hem-de dişiň, diş etiniň ýagdaýyna görä, çotgalaryň ýumşak, ortaça ýa-da gaty görnüşi saýlanylmaly-dyr. Munda stomatolog lukmanlaryň maslahaty wajypdyr.
◊ Öýüň içini her iki günden tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, her gün ýelejiretmeli. Penjireleri, tutulary hepdede bir gezek ýuwmak ýeterlik. Ýöne aşhana enjamlary günde-günaşa gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Mebel-leri hepdede iki gezek öl esgi bilen tämizlemek ýeterlikdir. Öýde bar bolan diwanyň tozanyny ilki tozan sorujy enjam bilen arassalamaly, soňra bolsa ýörite ýum-şak mebelleri tämizlemek üçin niýetlenen serişdeler bilen süpürmeli. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň!