Haly çitimleriniň kämil owazy


Haly çitimleriniň kämil owazy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmek, olary täze döwrebap düşünjeler bilen dünýä ýaýmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açylan «Halymda Arkadag atly nagyş bar, Arkadagly Serdarymyza alkyş bar» atly haly sergisinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň we onuň şägirtleriň eserleri görkezildi.

Halypa suratkeş Ada Gutlyýewiň ussatlygy nepis halylarynyň täze öwüşginliligi bilen sergä gelen tomaşaçylary haýran galdyrdy. Milli mirasymyzy täzeden dikeltmek, olary halka ýetirmek uly ussatlygy talap edýär.

Gadymdan gelýän milli nagyşlara täze çeperçilik öwüşgin berip, döwrebap halylarda ornaşdyrmagy başaran ussat suratkeş Ada Gutlyýew häzirki döwürde uly at-abraýa eýe bolýar. Ada Gutlyýewiň haly eserleriniň arasynda has-da ünsi özüne çeken «Gadamy batly bedewler» atly işi sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Halynyň merkezinde ahalteke bedewleri ýerleşdirilipdir. Bedewler deňiziň kenarynda ylgap barýan pursaty şekillendirilýär. Suratkeş bu halynyň gyra nagyşlaryny ýerine ýetirende tebigatyň gözelliginden peýdalanandygyny görmek bolýar. Taslamanyň merkezindäki bäş sany ak ahalteke bedewiniň ýerleşdirilmegi ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahat, halkymyzyň bol-elin ýaşamak ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleriň döredilendigi alamatlandyrýar. Halypa suratkeş Ada Gutlyýew bedewiň gözelligini we ýyndamlygyny ussatlyk bilen şekillendirýär.

Sungat ojagymyzda haly suratkeşi Ada Gutlyýewiň sergisiniň açylmagy biz talyp ýaşlaryň, esasan hem, haly hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň döredijiligine uly täsir etdi.

Gülabat GADAMOWA