Tebigy melhemlikleriň saglyga peýdasy


Tebigy melhemlikleriň saglyga peýdasy



Durmuşda käte keýpiňi bozýan, sussuňy peseldýän wakalar bolup geçýär. Bu ýakymsyz ýagdaýlar bolsa nerw dartgynlygyna getirip, adamda ukusyzlyk, gaharjaňlyk, howsalalyk ýaly alamatlar peýda bolýar. Şeýle ýagdaýlar ýygy-ýygydan gaýtalananda diňe newroz däl, eýsem, agyr nerw keselleri hem döräp bilýär. Alymlaryň geçiren ylmy barlaglary ähli keselleriň ýüze çykmagyna 75 göterim ýagdaýda psiho-newrologiki delilleriň sebäp bolýandygyny görkezýär. Adatça, nerw bozulmalarynda relaksiýa, meditasiýa, psihoterapiýa, fizioterapiýa ýaly bejeriş usullary, sport bilen bir hatarda sedatiw (köşeşdiriji) derman serişdeleri ulanylýar. Ýöne şeýle dermanlar köp mukdarda we dowamly kabul edilende, ulanmaga endik döredýär. Şonuň üçin nerw bozulmalaryny bejermekde sintetiki dermanlara derek dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlikleri peýdalanmak maksada laýykdyr. Sebäbi olaryň derman serişdelerinden aşakdakylar ýaly artykmaçlyklary bardyr:

• ýumşak täsir edýär;
• ýaramsyz täsiri ýok diýen ýaly;
• az mukdarda ulanylanda- da ýokary netije berýär;
• ýekeje dermanlyk ösümlik newrozy toplumlaýyn bejermek mümkinçiligini bermäge ukyply;
• diňe bir nerw ulgamyna däl, eýsem, içki agzalara-da oňyn täsiri bar;
• dermanlyk ösümlikleri ulanmaga endik döretmeginden ätiýaç etmän, uzak wagtlap peýdalanyp bolýar;
• köşeşdiriji derman ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Olary wagtal- wagtal gezekleşdirip kabul etmek hem mümkin.

Adamlaryň aglabasy, ylaýta-da, emosional taýdan durnuksyz adamlar ýakymsyz täsir galdyran wakany başdan geçirenden soň, uzak wagtlap köşeşip bilmeýär. Hatda, agşam düşege geçenden soňra-da, gündizki bolup geçen dürli wakalaryň täsirinden aýňalyp bilmeýänler az däl. Olar dürli pikirlere gurşalyp, gijäni uklaman geçirýärler. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin keýpiňi bozan, gaharyňy getiren wakadan soň, waleriananyň köküniň jöwherini (nastoý) ulanmak maslahat berilýär. Onuň guradylan köküniň 1 nahar çemçesini 1 bulgur gaýnag suwa atyp, 20 minutdan soň süzmek arkaly taýýarlap, her günde ýatmazdan öň ýarym bulguryny içmeli. Gaharjaň, emosional taýdan durnuksyz adamlar bu melhemligi günüň dowamynda 2-3 gezek kabul edip bilerler. Ukusyzlyk we nerw bozulmalarynyň beýleki alamatlary ýüze çykanda limon otunyň demlemesi hem oňat kömek edýär. Bu melhemligi taýýarlamak üçin bir bulgur gaýnag suwa ösümligiň guradylan ýapragynyň 3 çaý çemçesini atyp, 5 minudyň dowamynda demini aldyrmaly. Walerianadan we limon otundan taýýarlanan melhemlikleri ukusy bozulan çagalara-da içirmek mümkindir. Waleriananyň kökünde tutuş bedene toplumlaýyn bejeriji täsir edýän üýtgeşik maddalaryň ýüzlerçesiniň bardygy ylmy barlaglar arkaly subut edildi. Ol nerw ulgamyna köşeşdiriji täsir edip, myşsalaryň spazmasyny aýyrýar. Düzümindäki efir ýagy bolsa gyjynjylygy, tolgunmany azaldýar, ukyny kadalaşdyryp, ýüregiň işini sazlaşdyrýar. Mundan başga-da, ol öt haltasynyň we aşgazan-içege ýollarynyň düzüminiň işjeňleşmegine hem itergi berýär. Dermanlyk ösümlikleri öýde özbaşdak ulananyňda aşakdaky käbir düzgünleri berjaý etmek zerurdyr:

1. Ilki gowşak täsirli ösümlikleri ulanmaly. Zerurlyk ýüze çykanda kem-kemden has güýçlülerine geçse bolar.
2. Dermanlyk otlar bilen bejerişi azyndan 3-4 hepdeläp geçirmek mümkindir.
3. Haýsydyr bir dermanlyk ösümligi uzak wagtlap ulanmakçy bolsaňyz, ony meňzeş täsirli başga bir ösümlik bilen gezekleşdiriň.
4. Dermanlyk ösümliklerini kabul edýän wagtyňyzda olaryň täsirini gaýtalaýan sintetiki dermanlary ulanmazlyga çalşyň.
5. Himiki usullar arkaly alynýan dermanlarda bolşy ýaly, dermanlyk ösümlikleri hem ulanmaga garşy görkezmeleriň bar bolmagy ähtimal. Şonuň üçin, olary peýdalanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşyň!

Maýagül GARAJAÝEWA